Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde Türkmenistanda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy --- 2024” atly halkara bäsleşik geçirildi.
Halkara bäsleşigiň ýeňijisi ýurduň dürli sebitleri boýunça ýaryşyň deslapky tapgyrynda saýlanan tohum itleriň 10-synyň arasyndan saýlandy.
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy" ady Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Resul Kerimowyň eýeçiligindäki Akguş atly türkmen alabaýyna berildi.
Halkara bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýy ösdürip ýetişdiren Resul Kerimow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy --- “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulag, ýörite medal, göçme Kubok we diplom bilen sylaglandy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.