S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan sergini synladylar. Sergide alabaý güjükleri, kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi.
Maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Agrar partiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Ýurtda milli itşynaslyk sungatynyň rowaçlanýandygy, alabaýlar hakyndaky ylmy-barlag işleri, olaryň taryhynyň we aýratynlyklarynyň öwrenilişi, wasp edilişi, itşynaslykda milli tejribeler, türkmen tazylary hakynda aýdylanlar, täze ylmy esasly maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.