Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

00:4025.10.2024
0
15940

Kazan şäherinde iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan bu gatnaşyklarda Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlara ýetilmegini arzuw etdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadaga iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, ol golaýda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyny Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň