Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeli erkek kişi 24 ýyl bäri awtobus duralgasynda ýaryna garaşýar

18:0224.10.2024
0
23299

Türkiýäniň Sinop şäherinde Ejewit Okýuzjýu atly erkek kişi indi 24 ýyl bäri öz magşugyna ýoluň ýakasynda, awtobus duralgasynda garaşýar. Ýerli ýaşaýjylar ony goldaýarlar, Sewgi Altynal atly bir zenan bolsa, Ejewite konteýner öýjagaz hem sowgat berdi. Bu barada «Haber7» portalyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» habar berdi.

48 ýaşly erkek kişä ýerli ýaşaýjylar «aşyk Ejewit» diýip at dakdylar. Şunça ýyllaryň dowamynda ol umydy elden bermän, öz söýgülisine garaşmagyny dowam edýär.

Ejewit hatda sowuk gyş günleri-de bu ýere gelip, uzakly gün intizar gözlerini ýola dikip ötürýär. Alys ýola ýük ulagyny sürýän Sewgi Altynal bu ýerden häli-şindi geçensoň, oňa kömek etmek kararyna geldi hem-de gyşda üşemezlik üçin Ejewite uly bolmadyk konteýner öý sowgat berdi.

Sewgi duralganyň deňinde ulagyny saklap, onuň halyndan habar alýar, iýer-içer ýaly azyk getirýär. Ol Ejewiti goldaýandygyna buýsanýandygyny gürrüň berýär.

Indi Ejewitiň howanyň ýaramaz günlerinde-de öz söýýän zenanyna garaşmak üçin gonalgasy bar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň