Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. BMG bilen köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Biz bu gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.