Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýükleme sany ýüz müň: Aýterek goşundysy Türkmenistanyň ulanyjylarynyň göwnünden turýar

15:1915.10.2024
0
8390

Meşhur Aýterek ykjam goşundysynyň ýükleme sany 100 müňden geçdi! Türkmenistanyň ilatynyň aglabasy harytlary satyn almak we satmak üçin, şeýle hem hyzmatlary sargyt etmek üçin özleri üçin amatly bolan şu platformany saýlap alýarlar.

Aýterek goşundysynyň meşhurlygynyň okgunly ösmeginiň syry ony ýurdumyzyň ýerli bazaryndaky beýleki goşundylardan tapawutlandyrýan özboluşly aýratynlyklaryndan ybaratdyr:

Ýazylyşlar we dükanlar: Biziň goşundymyzyň üsti bilen halaýan dükanlaryňyza ýazylyň we ähli täze önümler we arzanladyşlar hakda habarly boluň.

Amatly nawigasiýa (dolandyryş): Önümleriň dürli toparlara we sahypalara ýaýrap gidýän sosial ulgamlardaky garym-gatym gözlegden tapawutlylykda, biziň goşundymyzdaky önümleriň ählisi gerek bolan zadyňy derrew tapmaga mümkinçilik berýän anyk görnüşlerdäki düzümlere bölünýär.

Satyjy bilen gönümel aragatnaşyk: Goşundynyň içinde bar bolan amatly söhbetdeşlik çatynda satyjylar bilen gönümel habarlaşyp hem-de haryt hakdaky jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyryp, ony satyn almak barada ylalaşyp bilersiňiz.

Gizlinlik: Telefon belgisini ýaşyryn saklama funksiýasy öz şahsy zatlaryňyzy satan mahalyňyz özüňizi arkaýyn duýmaga mümkinçilik berer, şeýle-de ol size köp sanly jaň etmelerde artykmaç aladalardan dyndarar.

Özüňi tanatmak üçin mümkinçilik: Özüňde galan täsirleri çap ediň we harytlaryňyz barada giň köpçülik bilen paýlaşyň.

Ulanyjy üçin amatly interfeýs: Goşundynyň ähli funksiýalary sada bolup, ilkinji göreniňden düşnüklidir, onuň diliniň şahsylaşdyrylan sazlamalary bolsa ähli ulanyjylar üçin bu platformanyň amatly ulanylmagyny üpjün edýär.

Aýterek goşundysy telekeçiler üçin öz işewürligini ilerletmek üçin amatly guraly: wirtual witrinasy bolan onlaýn dükany açmaklygy, bannerleri, aragatnaşyk maglumatlary we kompaniýa barada beýleki maglumatlary goşmaklygy teklip edýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda gymmatly baýraklaryň (telefonlaryň, akylly sagatlaryň, kolonkalaryň) utuş çäreleri geçirilýär – bu baradaky jikme-jiklikler salgylanma boýunça görüp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumatlary Aýterek goşundysynyň «Sorag-jogap» bölümine geçip, alyp bilersiňiz ýa-da mailto:ayterek@ajayyptilsimatlar.com elektron salgysyna sorag iberip, ýüzlenip bilersiňiz.

Aýterek goşundysyny Google Play ýa-da App Store goşundylaryndan ýükläp alyň we onuň işleýşiniň hakykatdan hem amatlylygyna göz ýetiriň!

Sosial ulgamdaky sahypasy. TikTok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň