Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-täjik Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler

11:4915.10.2024
0
7990

16-njy oktýabrda Aşgabatda Hökümetara türkmen-täjik toparynyň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça 13-nji mejlisi geçiriler diýip, Turkmenportalyň habarçysy habar berýär.

Duşuşykda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika, suw serişdeleri, oba hojalyk toplumynda, ulag we logistikada, şeýle hem bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ýaly giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Toparyň öňki mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynda Duşenbede Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýewiň we onuň täjik kärdeşi Ziýozoda Sulaýmon Rizoiniň bilelikdäki başlyklygynda geçirildi.

Geljekki duşuşygyň çäklerinde iki döwletiň wekiliýetleriniň agzalarynyň çykyşlary diňleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň