Russiýanyň, Belarussiýanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri Wladimir Putin, Aleksandr Lukaşenko we Emomali Rahmon bilelikdäki resmi däl duşuşygyň barşynda telefon arkaly Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen gepleşikde 9-njy maýda Moskwada duşuşmak barada ylalaşdylar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Ýakymly, dostluk ruhunda geçen gepleşik boldy, onuň dowamynda Liderler döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar» diýlip, habarda aýdylýar. «Şeýle-de, 9-njy maýda Moskwada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan daraly çäreleriň barşynda duşuşmagy ylalaşdylar» diýip, metbugat gullugynda nygtadylar.