Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

20:1213.10.2024
0
5647
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
Surat: president.mn

Şu gün Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, belent mertebeli 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdi.

Mongol Lideri 10 – 13-nji oktýabrda Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen paýtagtda geçirilen, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly wekilçilikli halkara foruma gatnaşdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

12-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirilen halkara çäresine öwrüldi. Şol gün Magtymguly adyndaky türkmen milli sazly drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Mongoliýanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Mongol Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 1992-nji ýylda Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri ilkinji gezek amala aşyrylan bu ýokary derejeli sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze başlangyjyny görkezýän möhüm sapar hökmünde tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň