Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

20:1612.10.2024
0
19807
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň