Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy

12:2110.10.2024
0
12549
Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy
Surat: TDH

Şu gün Aşgabatda beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy.

Türkmen paýtagtyndaky «Laçyn» seýilgähinde geçirilen açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy diýip, HHM habar berýär.

Şeýle-de bu çärä hökümet agzalary, ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet-sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy. Iki ýurduň sungat ussatlary türkmen we gazak dillerinde aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Aşgabatdaky Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda möhüm waka boldy. Ol iki halkyň arasynda ruhy ýakynlygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň