Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu foruma gatnaşyjylara Gutlag bilen ýüzlendi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
"Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Täze-täze lukmançylyk edaralary işe girizildi. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek işlerine badalga berildi. Onuň önümleri bilen Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň zerurlyklary üpjün ediler. Bu önümler döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy guruldy. Häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem geljekde halkymyzyň saglygyny dikeltmekde uly orny eýelejekdigine ynanýaryn.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň adyndan ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryna zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, Germaniýada öndürilen emeli böwrek enjamlary sowgat berildi.
Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeldip, bu ugurda toplan tejribämizi üstünlikli baýlaşdyrýarys. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklarymyzy has-da işjeňleşdirýäris. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine görä yzygiderli kämilleşdirýäris. Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary esasynda bu ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrýarys. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ulgama giňden ornaşdyrýarys. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Döwrebap şertler, giň mümkinçilikler ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepler gurulýar. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, yzygiderli kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly adamlar!
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän uly güýçdür. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmäge hem uly üns berýäris. Ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde toplanan tejribeler, sport mümkinçiliklerimizi parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň bähbitlerine gönükdirýän işler munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin giň şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Şu maksat bilen, şäherde köpugurly sport toplumy we merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Hormatly adamlar!
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ençeme iri sport ýaryşlary guraldy. Hususan-da, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty, şu ýylyň aprelinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş ýokary derejede geçirildi. Mundan beýläk hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki at-abraýyny pugtalandyrarys. Biz geljekde-de parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".