Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldy

08:5509.10.2024
0
8796

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara Türkiýede hem uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn nygtady hem-de ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljek şahyryň ýubileýine bagyşlanan halkara forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Şeýle-de ol türkmen kärdeşi Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadag Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy üstünlikli geçirmek barada eden arzuwlary we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygyny we köp işleri durmuşa geçirendigini aýratyn belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, iki halkyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylyga esaslanmagynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaňy-ýakynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdoganyň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bitiren hyzmatlaryny hem-de türkmen-türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň doganlyk ýurduň Baştutanyny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadag bu ýubileý medaly bilen tüýs ýürekden gutlap, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga hem-de türkmen medeniýetine goýýan sarpasy üçin Türkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halknyň Milli Lideri maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen ata Watany Türkmenistana gelip görmegine garaşýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň