Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar

14:1408.10.2024
0
1711
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Sammita gatnaşyjylar kiçi we giňişleýin düzümdäki, wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşarlar.

GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyny geçirmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň