Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara kitap sergisiniň çäginde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

15:3308.10.2024
0
1971
Halkara kitap sergisiniň çäginde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Surat: azertag.az

7-nji oktýabrda Х Baku halkara kitap sergisiniň çäginde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň «Men aşyk boldum» («Я влюбился») atly goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Tanyşdyryş dabarasyna edebiýatşynaslar, şahyryň döredijiligini öwrenijiler we okyjylar, şeýle-de žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada «AZERTAJ» habar berýär.

Dabarada Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, şahyr, ýazyjy Farid Guseýn Magtymguly Pyragynyň eseriniň çuň many-mazmuny we olardaky liriki duýgular barada çykyş etdi. Şeýle-de ol şahyryň täze neşire girizilen goşgularyndan käbirlerini okap berdi.

Mundan başga-da, dabarada Türkmenistanyň ilçisi Gurbanmämmet Esenow çykyş edip, şahyryň döredijiliginiň türkmen edebiýatyndaky orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de türkmen diplomaty Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda edebiýat we medeniýet ulgamynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň