Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwa sapary başlandy

18:5807.10.2024
0
14968

Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentiň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanynyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 8-nji oktýabrda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmagy ýurduň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň