Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň käbir buýruklary güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda çykaran 59-iş belgili degişli buýrugy Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy.
Döwlet belligine alynan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň sanawynda görkezilýän buýruga görä, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna we 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji, 14-nji maddalaryna laýyklykda,
1. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 4-nji awgustynda 403 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Howa gämilerini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2006-njy ýylyň 28-nji martynda çykaran 31 belgili buýrugyny;
2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2007-nji ýylyň 5-nji fewralynda 428 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryşyň Kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2006-njy ýylyň 5-nji iýunynda çykaran 46 belgili buýrugyny.
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasary gözegçilik etmeli.