Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ÝOM-lary 2025-nji ýylda türkmen talyplarynyň 500 sanysyny býujet esasynda okuwa kabul eder

12:1105.10.2024
0
12216

Russiýanyň Hökümeti 2025-2026-njy okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň 500 sanysynyň býujet esasynda rus ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljekdigini mälim etdi. Russiýanyň uniwersitetlerinde býudjet esasynda okuwa girmäge dalaşgärleri saýlamak 7-nji oktýabrda başlanar. Bu barada RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet, ylym we bilim bölümi habar berýär.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde býujet esasynda bilim almak isleýänler resmi portal — education-in-russia.com sahypasynda hasaba alynmalydyrlar.

Degişli maksatnama türkmen dalaşgärlerine Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde ýokary bilim almak mümkinçiligini berýär. Şeýle başlangyç Türkmenistanda adam maýasynyň ösdürilmegine, şeýle-de iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň