Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 9 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

08:0005.10.2024
0
5983

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar, ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar, Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin deputatlaryň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri boýunça okuw sapaklary guraldy. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 30-dan gowragy geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaryň 91-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 28-si guraldy. Şeýle-de ýurtda gazanylýan beýik ösüşleri, täze taryhy döwürde öňde goýlan maksatlary giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin deputatlaryň ençeme çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ykdysadyýeti mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

“Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri uly hormata mynasypdyr” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň