Fransuz aşhanasynyň restorany «Dejavu» ýokary derejeli aşhananyň muşdaklarynyň ählisini hakyky Fransiýanyň atmosferasyna aralaşmaga çagyrýar. Aşgabadyň amatly künjeginde, 10-njy kiçi etrapçada, «Dagbaşy» binasynda ýerleşýän bu restoran myhmanlaryna adaty fransuz usulyna laýyklykda taýýarlanan tagamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Bu binanyň ikinji gatynda giň zal, amatly eýwan we 10 adama niýetlenen aýratyn VIP zolak bar.
«Dejavu» myhmanlaryny diňe bir fransuz aşhanasynyň dürli tagamlary, şol sanda çorbalar, täze deňiz önümleri we ýakymly süýjülikler bilen begendirmän, eýsem, kokteýlleriň köp sanly görnüşini hem hödürleýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
- sosial ulgamdaky sahypasy.