Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oktýabr aýynda Türkmenistanda birnäçe halkara medeni çäreler geçiriler

16:0102.10.2024
0
5572

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň medeni maksatnamasy halkara derejesindäki gyzykly wakalara baý bolar.

Has takygy, 15 — 17-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Ýeri gelende ýatlatsak, bu çäräniň geçiriljekdigi barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «TASS» agentligine beren interwýusyna salgylanyp, aprel aýynda habar beripdik.

18 — 20-nji oktýabr aralygynda Aşgabat Türki medeniýetiň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwalyny kabul eder. Bu barada iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat beripdi. Festiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de festiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmeklik meýilleşdirilýär.

27 — 29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat we Mary şäherlerinde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäräniň guramaçylyk meseleleri mart aýynda Ýerewanda Türkmenistanyň ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Janna Andreasýanyň arasyndaky bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň