Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

10:0101.10.2024
0
5909

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. TDH-nyň habar berşi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitlerde alnyp barylýan beýleki işler barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar doly güýjünde işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Häkimler welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş paslyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işleriň ýerine ýetirilýändigi, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleriň guramaçylyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatlarda güýzlük ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň