27-nji sentýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Iwan Kuzmin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Taraplar Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijelerini, şeýle-de innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň ösüşini göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz gezeginde, Sergeý Lebedew Iwan Kuzmini «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli mähirli gutlady.
arkalaşygyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, duşuşyga GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Mihail Myskin dagy gatnaşdylar.