Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi

15:0528.09.2024
0
12321

Şu gün, 28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen halky tarapyndan baýramçylyklarda we şanly senelerde ahalteke atlarynyň çapyşyklarynyň geçirilmegi milli taryhy köklere, köpasyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygyň nyşanyna öwrüldi. Bu şowhunly we ajaýyp çäre diňe bir özboluşly we gadymy ahalteke tohumly atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, “asman atlarynyň” gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr.

Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary uly toýlaryň bezegi bolup durýar. Bu çapyşyklar çapyksuwarlara diňe bir öz ussatlygyny we başarjaňlygyny görkezmäge däl-de, eýsem, iň wepaly dostlary bolan ahalteke atlarynyň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllardyr pähimli sözler hem türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.

Ahalteke bedewleri gadymy türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bu behişdi bedewler Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen türkmen halkynyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewler il-günüň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Häzirki döwürde atçylygy we atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Ganatly bedewleriň Watany bolan Türkmenistanda atçylyk döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow pudakda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurdaky çäreler ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu asylly işde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.

Türkmen atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz Türkmenistanda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler geçirilýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.

Düýn, 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň