Top.Mail.Ru

Türkmenistanda ilkinji gezek filologiýa boýunça elektron ylmy žurnaly neşir edildi

10:5228.09.2024
0
12364

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty täze ylmy taslama bolan «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyny döretdi. Bu Türkmenistanyň ylmy mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm ädim bolup, ýurtda çap edilen ilkinji neşirdir.

Žurnalyň birinji sany institutyň resmi saýtynda eýýäm elýeterlidir. Onda lingwistika, edebiýaty öwreniş, okatmagyň usullary we pedagogika, şeýle hem talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik işleri çap edilýär. Žurnal her çärýekde türkmen, rus we iňlis dillerinde çykarylýar.

Žurnaly esaslandyrmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan goldandy we ol bilimi, ylmy we sanlylaşdyrmagy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň bir bölegine öwrüldi.

Žurnalyň redaksiýasy türkmenistanly alymlaryň makalalary bilen bir hatarda daşary ýurtly alymlaryň çykyşlarynyň bermäge çalyşýarlar, bu bolsa taslamanyň halkara häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu çap edilýän makalalaryň ýokary ylmy derejesini saklamaga we halkara standartlaryna laýyk gelmäge mümkinçilik berýär.

Žurnalyň her sany hemmeleriň tanşyp bilmegi üçin institutyň saýtynda ýerleşdiriler we ol filologiýa ugry boýunça häzirki döwrüň derwaýys ylmy maglumatlaryna giňden elýeterliligi üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň