Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Stambulda geçirilýän medeni foruma gatnaşýar

11:5126.09.2024
0
11856

Türkmenistan Stambul şäherinde Türk medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasynyň başlangyjy bilen geçirilýän türki dünýäniň medeni mirasyny dolandyrmak boýunça tejribe alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşýar. Bu barada «Report» habar berýär.

23-nji sentýbarda öz işine başlan bu medeni foruma Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň we Özbegistanyň milli medeniýeti we mirasy öwrenmek hem-de gorap saklamak bilen meşgullanýan ýokary derejeli hünärmenleri gatnaşýarlar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar türki halklaryň umumy medeniýetini, taryhy ýadygärliklerini, däp-dessurlaryny we beýleki gymmatlaryny has içgin öwrenmek, olary dünýä ýaýmak babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu ugurda toplan tejribelerini paýlaşýarlar.

Forum öz işini 27-nji sentýbarda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň