Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29 milletiň wekili Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

22:1425.09.2024
1
7482
29 milletiň wekili Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt KHBS-iň, ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanynyňň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 134-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň