Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy ýygnagyna gatnaşar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Täjigistanyň Lideriniň ýanynda Premýer-ministriň orunbasary, DIM-niň başlygy, birnäçe ministrlerden durýan uly hökümet topary bar. Duşenbäniň howa menzilinden Rahmony Parlamentiň palatalarynyň başlyklary, Premýer-ministr we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy ýygnagynyň baş wakasy däp bolup gelşi ýaly, ýokary derejeli hepdelik bolar, onuň çäklerinde pikir alyşmalar 24-30-njy sentýabrda geçer. Hepdelige onlarça ministrler we döwlet Baştutanlary gatnaşar.