Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadag saparynyň barşynda täze şäherde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri elektrobuslaryň amatlylyk we tehniki görkezijiler babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikdäki tagallalaryň edilmeginiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de häzirki wagtda bar bolan we geljekde satyn alynjak elektrobuslaryň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelmegi, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi we ilata ýokary derejede hyzmat edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi.
Gahryman Arkadag elektrobuslaryň hyzmat aýratynlyklaryna, daşky bezegine birnäçe belliklerini aýdyp, geljekde bu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy elektrobuslarda döwrebap mahabat ýazgylaryny ýerleşdirmek meseleleri barada-da aýdyp, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, ýurduň abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadag täze şäheriň ýollarynda elektrobuslaryň we beýleki ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.