Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylandygyny aýdyp, ony tassyklamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu Konsepsiýada Arkadag şäherini ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna, täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi.
Täze şäheri «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadag medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumyna iberip, maksatnamany Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu Konsepsiýany tassyklan halatynda, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygy bellenildi.
Şeýle hem Konsepsiýanyň esasynda, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.