Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen geçirilen iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabatlary diňledi we täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meseleleri barada aýdyp, häzirki zaman intellektual eýeçiligiň aýratynlyklaryny, sanly ulgamyň ähmiýetini ýaşlaryň işjeň özleşdirmekleri üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.