Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ynsanperwer ulgam Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli kanunçylyk we halkara kadalar esasynda ýurtda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak hem kepillendirmek üçin yzygiderli işler geçirilýär. Şol işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurtda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.
Dünýä bileleşigini bu ugurda Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahatyň ähmiýeti has-da artýar. Döwlet Baştutanynyň başlangyjyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu forumy şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurtda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.