Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oktýabr aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?

10:1321.09.2024
0
7893

Türkmenistanda oktýabr aýynda nähili çäreler geçiriler? TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň indiki aýda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmeginiň Tertibi hakynda döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki çäreler guralar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly oktýabr aýynda guraljak esasy çärelere, şol sanda Ýaşulularyň halkara güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň