Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara forumy geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk topary döredildi

09:4321.09.2024
0
6661

Aşgabatda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin degişli guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.
Oktýabr aýynda geçiriljek bu foruma gatnaşmak üçin, Aşgabada daşary ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň