Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

23:3415.09.2024
0
4575

Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Hüseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, söhbetdeşlikde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary we ýokary derejelerde ikitaraplaýyn saparlaryň alyş-çalşyna, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine aýratyn üns berildi.

Ministrler sebit we halkara gün tertibinäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini we zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň