12-nji sentýabrda Hytaýyň Szýansu welaýatynyň Nankin şäherinde «Merkezi Aziýa — Szýansu» söwda merkeziniň açylyşy boldy. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, köp gatly merkez Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köpugurly meýdança bolup hyzmat eder.
Merkeziň açylyş dabarasynda myhmanlara Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň eksport önümleriniň sergisi görkezildi.
Merkeziň Szýansu sebitinde hereket etmegi agzalan ýurtlaryň Hytaý bazaryna girmegine ýardam eder.
Orta hasap bilen Szýansu her ýyl 266,8 milliard dollardan senagat we oba hojalyk önümlerini import edýär.