Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýanyň «CMA» IT kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişdi

11:5312.09.2024
0
6883

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda iki günläp dowam eden «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara maslahatyň we ugurdaş serginiň çäklerinde Şwesiýanyň «CMA» IT kompaniýasy «Abraýly işler» türkmen kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşygy baglaşdy.

«CMA» kompaniýasynyň sebitleýin direktory Maksim Neşeret tölegleri tiz usulda geçirmegiň milli ulgamyny işläp taýýarlamak pudagynda potensial hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. Ol bu barada: «Biz şunuň ýaly taslamalary eýýäm 50-den gowrak ýurtda durmuşa geçirdik we bu möhüm ulgamy döretmekde Türkmenistan bilen hem tejribelerimizi paýlaşmaga umyt edýäris» diýip belleýär.

1983-nji ýylda döredilen «CMA» maliýe bazarynyň infrastrukturasy we banklar üçin uly göwrümli programma çözgütlerini işläp taýýarlamaga ýöriteleşendir. Kompaniýa innowasion töleg ulgamlaryny hem-de infrastruktura çözgütlerini hödürlemek bilen, bütin dünýä boýunça 37-den gowrak merkezi banka we köp sanly täjirçilik banklaryna hyzmatlaryny ýetirýär.

«CMA» kompaniýasynyň tejribesi önümleriň giň ulgamyny, şol sanda hakyky wagt hasabynda jemi hasaplaşyk ulgamlary (RTGS), awtomatlaşdyrylan kliring palatalary (ACH), dessin tölegler ulgamlary (IPS), gymmatly kagyzlaryň merkezi depozitarileri (CSD) we başga-da köp sanly önümleri öz içine alýar. Bu çözgütler kompaniýanyň ýokary öndürijiligi, göwrümliligi we howpsuzlygy üpjün edýän ösen tehnologiýa platformasynda gurlup, her bir müşderiniň aýratyn zerurlyklaryna laýyk gelýär.

Tiz töleg ulgamyndan başga-da, «CMA» Türkmenistanyň gazna bazary bilen merkezi depozit we hasaplaşyk merkezini hasaba almak bilen, esasy hyzmatlary döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu başlangyçlar türkmen işewürleriniň daşarky maýa goýumlaryny çekmek we daşary ýurt maýadarlary bilen aragatnaşyk saklamagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

«CMA» kompaniýasynyň sebitleýin direktory Maksim Neşeret sözüniň ahyrynda çäräni guraýjylara we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirip: «Maslahata gatnaşmak üçin döredilen bu ajaýyp mümkinçilik üçin çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Bu çäre guramaýylygy örän ýokary derejede» diýip nygtady.

Neşeret ýurduň myhmansöýerligine aýratyn ünsi çekdi: «Ýurduňyza gelip görmek mümkinçiligi üçin aýratyn hoşallygymy beýan edýärin. Türkmenistanyň gözelligi meni juda haýran galdyrdy».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň