Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM tarapyndan Aşgabatda seýsmiki howpsuzlyk boýunça iki hepdelik okuw geçirildi

15:4010.09.2024
0
9836

BMGÖM tarapyndan «Seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek» maksatnamasynyň çäklerinde «Seýsmiki howp, seýsmiki gowşaklyk we seýsmiki töwekgelçilik» temasy boýunça iki hepdelik okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahaty 26-njy awgust 6-njy sentýabr aralygynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olary aradan aýyrmak bilen bagly iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda seýsmiki howpy, gowşaklygy we töwekgelçiligi bahalandyrmagyň häzirki zaman usullary gözden geçirildi, olaryň Türkmenistanyň şertlerinde ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatynyň çäginde amaly sessiýa guraldy. Oňa gatnaşyjylar seýsmiki durnuklylygy bahalandyrmak üçin iki sany gurluşyk taslamasyny gözden geçirdiler. Olaryň biri täze gurulýan bina, beýlekisi bolsa 1950-nji ýyllarda gurlan desgadyr.

BMGÖM-iň hünärmeni Pulod Aminzoda dünýädäki uly ýer titremelere jogap hökmünde seýsmiki howpsuzlygyň ewolýusiýasy baradaky pikirleri bilen paýlaşdy. Ara alyp maslahatlaşmada seýsmiki howplulyk kartalarynyň we ýer titremesine çydamly gurluşyklaryň Türkmenistanyň seýsmiki taýýarlygyny güýçlendirmekde möhüm ornunyň bardygy bellenildi.

Şeýle-de gatnaşyjylar goňşy ýurtlaryň eksperimental dinamiki gözlegleri geçirmek we netijelerini ýer titremesine çydamly gurluşyk işlerini amala aşyrmakda ulanmak babatda toplan tejribelerini öwrendiler.

Mundan başga-da, şäherde we oba ýerlerinde bar bolan binalaryň seýsmiki durnuklylygyna baha bermek üçin amaly sapaklar geçirildi. Sapaklarda, hususan-da, ýer titremesiniň irki duýduryş ulgamyna aýratyn üns berildi.

Okuw maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylaryň hemmesine seýsmologiýa, ýer titremesine çydamly gurluşyk işlerini amala aşyrmak, seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, eksperimental gözlegler we ýer titremesine taýynlyk bilen bagly prezentasiýalar, kitaplar we wideo çeşmeleri berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň