Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Nejibulla Haýat Hakani bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisini döretmek, kiberhowpsuzlygy we umuman tehnologiki ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.
Hakani tehnologiýanyň häzirki döwürde möhüm zerurlykdygyny belläp, maglumatlary geçirmegiň iň möhüm böleginde optiki süýümli geçirijileriň goýulmagydygyny aýtdy.
Şeýle hem, ýurtlaryň häzirki wagtda internet gurşawynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýandyklaryny aýtdy. Ministriň sözlerine görä, Owganystan milli derejede kiberhowpsuzlyk barlaghanasyny döretmek we beýleki ähli çäreleri görmek arkaly bu ugurda zerur tagallalary edýär.
Ilçi H.Öwezow Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrligine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem häzirki wagtda taraplaryň optiki süýümli geçirijiler taslamasy we kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Bu maksat bilen Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň wekilleri ozal Türkmenistana baryp, birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň birnäçesine gol çekdiler.