Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen geler

10:4909.09.2024
0
6353

Malaýziýanyň daşary işler ministri Mohamad Hassan 9-10-njy sentýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Malaýziýanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul ediler. Duşuşygyň dowamynda ministr Mohamad Hasanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Malaýziýanyň Premýer-ministriniň şu ýylyň dekabr aýynda bu ýurda resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşurmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, Malaýziýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Mohamad Hassan Aşgabada saparynyň çäginde türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, bilim, syýahatçylyk we tehiniki ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylar.

Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 9-njy sentýabrda geçiriljek Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ýokary derejeli geňeşmelere hem gatnaşar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Malaýziýanyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 48,62 million amerikan dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň