Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

23:5006.09.2024
0
5440

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Deputatlaryň gatnaşan we gatnaşýan çäreleri barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara-da gol çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň