Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan medeni gymmatlyklaryň bikanun söwdasyna garşy göreş boýunça seminara gatnaşýar

11:0403.09.2024
0
9468

Türkmen wekiliýeti 2-nji sentýabrdan 4-nji sentýabra çenli Antalýada geçirilýän medeni gymmatlyklaryň bikanun söwdasyna garşy göreş boýunça okuw seminaryna gatnaşýar. Seminar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralýar. Oňa degişli halkara guramalaryň hünärmenleri, şeýle hem ÝHHG-ä agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet muzeýiniň wekilleri bar.
2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Medeni eýeçiligiň bikanun import edilmegini, eksportyny we geçirilmegini gadagan etmegiň we öňüni almagyň serişdeleri barada” halkara konwensiýasynyň agzasy bolup, özüni bu ugurda işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, seminarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa ÝUNESKO we ÝHHG bilen hyzmatdaşlykda konwensiýanyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle-de netijeli çäreler barada pikir alşar. Bu barada ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň