Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ermenistan, Eýran we Gazagystan bilen ulag aragatnaşyklaryny berkidýär

22:2630.08.2024
0
7784

Türkmenistanyň döwlet habar gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistan halkara ulag infrastrukturasyndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeshkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde täze Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyç nygtaldy.

Bu ugur halkara ulag ulgamynda möhüm halka bolmaga, sebitde söwda aragatnaşyklaryny we ykdysady integrasiýany ösdürmäge ýardam etmäge mümkiçilik berjegine ynanylýar.

Ulag pudagyny ösdürmek Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurduň amatly geografiki ýerleşişi we ulag infrastrukturasyna goýulýan uly maýa goýumlary Türkmenistana Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr daşamalarda möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, täze Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan geçelgesi bar bolan ugurlara möhüm goşmaça bolar we halkara hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň