Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şäherara awtobus peteklerini e.gov.tm portaly arkaly satyn alyp bilersiňiz

17:4426.08.2024
0
10548

Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary üçin onlaýn petek satyn almak hyzmaty bar. Ýolagçylar petekleri öýden çykmazdan döwlet hyzmatlary portaly e.gov.tm arkaly satyn alyp bilerler.

Onlaýn petek satyn almak yzygiderligi gaty ýönekeýdir. Ulanyjylar e.gov.tm portalyna girmeli. Soňra «Transport, logistika we gümrük gullugy” bölümini saýlap, «Şäherara awtobus biletleri» bölümine girmeli. Ondan soň gidiş we geliş nokatlaryny görkezmeli, awtobusdaky syýahat senesini we oturgyjyny saýlamaly, şeýle hem telefon belgiňizi, zerur töleg maglumatlaryny girizmeli.

Petekleriň bahalary ugra baglylykda üýtgeýär. Mysal üçin, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäheri boýunça petekleriň bahasy uly ýaşly ýolagçy üçin 65 manat, 13 ýaşa çenli çagar üçin 32,50 manatdyr.

E.gov.tm portalynyň 500-den gowrak dürli döwlet hyzmatlaryny, şol sanda 40-dan gowrak onlaýn tölegleri we hyzmatlary hödürleýändigini bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň