Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy

10:1125.08.2024
0
15097

24-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasyna baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary hem-de degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, «Arçman» şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak boýunça maslahatlar berildi. Şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny has-da artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikler dörär.

Taslamalara laýyklykda, «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk bina gurmak; desgalaryň durkuny täzelemek; şypaly suw bilen bejeriş binasynyň; daşky eltiji ulgamlaryň; şypaly suw içilýän binanyň; 300 orunlyk mejlisler otagynyň; 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň; dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň; diş lukmanynyň otagynyň; anyklaýyş we fizioterapiýa; rentgen otaglaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, täze desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Mundan başga-da, «Arçman» şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek bejeriş otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary, binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde amala aşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň