Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ikinji «Altyn top» çagalar futbol festiwaly geçirildi

13:5924.08.2024
0
7637

Aşgabat şäherinde 8 ― 10 ýaş aralygyndaky 250-ä golaýýaşajyk futbolçyny bir meýdança jemlän «Altyn top» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Ýurtda çagalaryň futbola gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen geçirilen festiwal üç günläp dowam etdi.

Festiwala çagalar toparlarynyň 8-si gatnaşdy. Olar «Altyn top», «Diýar», «Dokma», «Kuwwatly beden», «Mekan», «Arkadag», «SMM+» we «Ahal-Köpetdag» toparlarydyr. Festiwalyň bütin dowamynda körpe futbolçylar başarnyklaryny görkezdiler.

Festiwal «Altyn top» klubyny esaslandyryjy we tälimçi Şatlyk Ataýew tarapyndan guraldy. Ol 2023-nji ýyldan bäri eýýäm ikinji gezek şeýle festiwaly geçirmegiň özleri üçin uly şatlykdygyny nygtady.

Festiwaldan soň ýaşajyk futbolçylar Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň elinden Hormat hatlaryny we mynasyp bolan baýraklaryny aldylar.

«Altyn top» klubynyň 5 ― 13 ýaş aralygyndaky çagalary türgenleşige çagyrýandygyny hem aýdyp geçmek gerek. Topar türgenleşiklerini paýtagtyň 4-nji etrapçasyndaky tebigy otly meýdançada alyp barýar. Çagalaryny türgenleşiklere gatnatmak isleýän ata-eneler + 993 65 669654 belgä jaň edip, tälimçi bilen habarlaşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň