Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasy nebit önümlerini saklaýan howdanlaryň gurluşygyny artdyrýar

16:2822.08.2024
0
6585

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň «Zergär» şahamçasynda binalaryň durkuny täzelemek we hyzmatlaryň hilini artdyrmak boýunça düýpli işleriň ikinji bölegi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze howdanlaryň oturdylmagy we işleriň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, bu ýerde nebit önümlerini ozalkysyndan has köp mukdarda saklamaga mümkinçilik dörär.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şahamçada birinji tapgyryň çäklerinde alnyp barlan täzeleýiş işleri hem öz miwesini berdi. Şol işleriň netijesinde, «Zergärdäki» hyzmatlaryň hili ozalkysyndan ep-esli ýokarlandy. Iki tapgyryň çäklerinde bu ýerde jemi sygymy 10 müň kub metr bolan howdanlaryň altysy, şeýle hem ýangyç serişdelerini saklamaga niýetlenen, her biriniň sygymy 100 kub metre ýetýän howdanlaryň sekizisi oturdyldy. birinji tapgyryň çäklerinde alnyp barlan täzeleýiş işleri hem öz miwesini berdi. Şol işleriň netijesinde, «Zergärdäki» hyzmatlaryň hili ozalkysyndan ep-esli ýokarlandy. Iki tapgyryň çäklerinde bu ýerde jemi sygymy 10 müň kub metr bolan howdanlaryň altysy, şeýle hem ýangyç serişdelerini saklamaga niýetlenen, her biriniň sygymy 100 kub metre ýetýän howdanlaryň sekizisi oturdyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, şu günler şahamça täze tehnologik toplumlar oturdylyp, howdanlaryň gurluşygynda jemleýji işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda daşky abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Bu işler «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň buýurmasy esasynda Lebap welaýatyndaky Gurluşyk we abadanlaşdyryş müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň