Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dabara geçirildi

08:5122.08.2024
0
7054

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda hünärmenler üçin geçirilen amaly okuw meýilnamasynyň tamamlanmagyna we degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagyna bagyşlanyp dabara guraldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, dabara Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çoý Ýon Uk gatnaşdy.

2 aýyň dowamynda «Koryo Shipbuilding Industry Technology» kompaniýasynyň ýokary hünärli inženerleri zawodyň hünärmenleriniň 16-synyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuwlary geçdiler.

Okuw döwründe çuňňur teoretiki bilimleri we amaly başarnyklary görkezip, aýratyn tapawutlanan hünärmenlere diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy.

Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň başlygy zehinli türkmen gämi gurluşykçylarynyň ýokary derejede okuwlary geçendigini aýtdy.

Okuwlar «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyny alyp barmak babatda gol çekilen şertnama laýyklykda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň