Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«GREENGO» döwrebap interýer üçin ajaýyp çyralaryň täze kolleksiýasyny hödürleýär

11:4217.08.2024
0
12022

«GREENGO» dükany yşyklandyryş enjamlarynyň assortimentiniň köpden bäri garaşylýan täzelenmesi barada habar berýär. Lýustralaryň, çyralaryň, spotlaryň, bralaryň we torşerleriň täze kolleksiýasy hatda talapkär yşyklandyryş enjamlaryny we dizaýny söýüjileri hem haýran galdyrar.

Täze kolleksiýada esasy orny ýokary hilli K9 kristallaryndan peýdalanyp öndürilen lýustralar eýeleýär. Aýdyňlygy we ýagtylygy netijeli bermek aýratynlygy bilen tanalýan bu kristallar lýustralara hakyky öwüşgin hem-de nepislik berýär, olary hakyky sungat eserlerine öwürýär.

Döwrebap minimalizmiň muşdaklary üçin «GREENGO» prožektorlaryň we spotlaryň kolleksiýasyny hem hödürleýär. Olaryň çeýe göwrümleri we yşygy öýüňiziň islendik ýerinde aksent yşyklandyryşyny döretmek üçin laýykdyr. Bu çyralaryň kömegi bilen binagärlik düzüm bölekleriniň gözelligini görkezip, interýere ähmiýet bermek bilen, häzirki zaman loftuň atmosferasyny döredip bilersiňiz.

Aýratynam, islendik gurşawa rahatlyk we stil goşmaga niýetlenen bralar hem-de torşerler aýratyn bellärliklidir. Örän oýlanyşykly düzüm bölekleri we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy bu çyralaryň islendik interýer bilen sazlaşykly utgaşmagyna mümkinçilik berýär.

«Täze kolleksiýamyz — yşyklandyryş dizaýnynyň soňky tendensiýalarynyň üns bilen öwrenilmeginiň netijesidir. Biz hatda iň talapkär müşderileriň hem isleglerini kanagatlandyryp biljek önümler hataryny döretmäge synanyşdyk» diýip, «GREENGO» dükanynyň hünärmeni belleýär.

«GREENGO» ýokary hilli yşyklandyryjylara ähmiýet berýänleriň her birini dükana baryp, täze kolleksiýanyň ajaýyp önümlerine baha bermäge çagyrýar. Bu diňe bir öýüňizi yşyklandyrman, eýsem özboluşly stiliňizi we islegleriňizi aýdyň ýüze çykarýan hakyky bezegi döretmek üçin yşyklandyryş enjamlaryny saýlap almaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Aýly Diýar» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: agg-lighting.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň