Top.Mail.Ru

"Altyn asyr" "Ist Bengal" ýeňip AFK-2 Çempionlar ligasynyň topar tapgyryna çykdy

21:1514.08.2024
0
8901

Türkmenistanyň "Altyn asyr" topary Hindistanyň "Ist Bengal" toparyny myhmançylykda 2024/25-nji ýylyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda ýeňip, bäsleşigiň topar tapgyryna çykdy.

Kalkuttada geçirilen duşuşyk Ýazguly Hojageldyýewiň şägirtleriniň 3:2 hasably ýeňşi bilen tamamlandy.

Ildeşlerimiziň düzüminde Murat Annaýew (18-nji minut), Selim Nurmuradow (28-nji) we Mihail Titow (52-nji) dagy gol geçirdiler.

Aşgabat klubynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň topar tapgyryndaky bäsdeşleri 16-njy awgustda Kuala-Lumpurda geçiriljek bije çekiş dabarasynyň netijesinde kesgitlener, “Altyn asyr" bije çekilişikde dördünji sebede düşer.​​​​​​​​​​​​​​​​

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň